- ezenek
- 1) Geýimiň ýakasy.∙ Bu ýigidiň ezeneginden tutup alyp gidenler. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)∙ Baýyň hemlesini eşiden Mawy onuň sözüni soňlamagyna maý bermän, ezeneginden çekdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Myrat köplenç wagt ýa ezenegini ýyrtdyryp, ýa ýüzüni biraz dyrnadyp, ýa-da: --Almydyňy alaýmadyňmykaň! -- diýip, edermenlik bilen hasanaklap gelerdi. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)2) Çuwalyň, haltanyň we ş. m. zatlaryň agzy, ýokary gyrasy.∙ Agyp ýatyr ezenegi. (K. Gurbannepesow, Goşgular)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem ezenek - ezenegi.◊ ezenegi agmak — Hor-homsy ýagdaýda bolmak.∙ Onuň ezenegi agypdyr.◊ ezenegiňi agdyrmak — Üst-başyňa eňetmezlik, ykjam bolmazlyk, ýerli-ýerinde bolmazlyk; özüňi oňarmazlyk.∙ Annaguly donunyň ezenegini agdyryp, pagta ugrady. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)∙ Ezenegini agdyryp ýörse, näme diýersiň! («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Çuwal ezenegini agdyryp, tärimden asylyşyp ýatyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.